Hormatly agzalar, bilşimiz ýaly Oraza aýy dowam edýär. Bizem Degirmen sahypasy hökmünde bu aýa laýyk gelip biljek haýsy maglumaty hödür etsek diýip köp oýlandyk we iň soňunda Pygamberimiz Muhammet Aleýhissalamyň iň yakyn dostlary barada ýazmagy makul bildik. “Meniň dostlarym ýyldyzlar ýalydyr. Olaryň haýsynyň yzyna düşseňiz hem dogry ýoly taparsyňyz.” Hadys Hezreti Ebubekir, Hezreti Omar, Hezreti Osman we Hezreti Aly. Bu atlar biziň köpümiz uçin nätanyş däl. Bu päk ýürekli ynsanlar Pygamberimiziň in ýakyn dostlary bolupdyr. Pygamberimiziň dinimizi düşündirmäge başlan ilkinji ýyllaryndan başlap oňa hemaýat berenler bu beýik şahsyýetlerdir. Olar öz baýlyklaryny, ýeri gelende janlaryny hem gaýgyrman bu mukaddes ýolda pida eden ägirt uly kalbyň eýeleridir. Ýaňky hadys-y şerifde aýdylyşy ýaly Pygamberimiziň dostlarynyň ählisi ýyldyzlara meňzeş, olaryň hemmesi biziň durmuşymyza nur çaýyp dur. Ýöne şolaryň içinde iň parlak ýyldyzlar, göwünlerimizi özleriniň nur şöhleleri bilen ýagtaldyan iň päkize adamlar Hezreti Ebubekir, Hezreti Omar, Hezreti Osman we Hezreti Alydyr diýsek ýalnyşdygymyz bolmaz.