Hezreti Ebubekir (571-634) Mekke şäherinde doglan Hezreti Ebubekir ilkinjileriň hatarynda Yslam dinini kabul edýär. Onuň hakyky ady Abdulkabe (käbäniň guly diýmegi aňladýar) bolupdyr ýöne Yslam dinini kabul edenden soň Pygameberimiz onuň adyny Abdylla diýip uýtgedipdir. Tajirçilik bilen meşgullanýan Hezreti Ebubekir Mekkelileriň hormat goýýan adamlarynyň biri bolupdyr. Ol öz baýlygynyň hemmesini haýyr sahawat işlerinde ylaýta-da jebir çekyän gullary satyn alyp azat etmek ugrunda harç edipdir. Onuň azat eden gullarynyň arasynda “Pygamberimiziň azançysy” lakamy bilen tanalyan Bilal hem bardyr. Pygamberimiz hijret üçin Medinä tarap ýola rowan bolanda ýanynda Hezreti Ebubekir bardy.Bu wakadan son mukaddes kitabymyz bolan Gurhanda Hezreti Ebubekir hakda “iki kişiniň ikinjisi” diýip agzalyp geçilýär. Pygamberimiz Muhammet Aleyhisselam “Ymmatymyň içinden ilkinji bolup jennete girjek kişi Ebubekirdir” diýip ony jennet bilen buşlapdyr.(Müslim, Salat, 152; Ebu Davud, Sünnet, 8.) Ol özüniň “Syddyk” (sadyk, wepaly) lakamy bilen tanalypdyr. Ol ömrüniň ahyryna çenli dine we pygamberiň sünnetine wepaly bolup ýaşamagy başarypdyr. Pygamberimiz aradan çykandan soň ol ilkinji halyfa bolup musulmanlara baştutanlyk edipdir. Ol beýik adam 63 yaşynda Mekke şaherinde aradan çykypdyr. Ol aradan çykanda perzentlerine artykmaç miras goýup gitmandir. Sebäbi ol ähli baýlygyny Yslam ýolunda sarp etmegi özüne bagt saýypdyr.

Теги других блогов: Mekke Hezreti Ebubekir Yslam