Hezreti Omar (581-644)
Mekke şäherinde doglan Hezreti Omar kyrkynjy bolup Yslamy kabul edipdir. Ol häsiýeti boýunça gaýduwsyz, garadangaýtmaz hem-de paýhasly adam bolupdyr. Adamlar öz aralarynda düşünişmezlik bolanda Hezreti Omary çözgüt tapyp beriji hökmünde çagyrar ekenler. Umuman, Hezreti Omar Yslam dinini kabul etmezden öň hem hemmäniň hormat goýýan kişisi bolupdyr. Şonuň üçin Hezreti Omaryň musulman bolmagy sanlary gaty az bolan musulmanlary gaty begendiripdir. Ol Yslama duşmançylyk edýän kişilere garşy hem berk durmagy başarypdyr. Hezreti Omar Pygamberimiziň döwrunde bolan ähli söweşe gatnaşypdyr. Bedir, Uhud, Hendek we Hayber ýaly uly söweşlerde ol goşunyň belli bir bölegine baştutanlyk edipdir. Pygamberimiz aradan çykansoň musulmanlara baştutanlyk eden Hezreti Ebubekir iň uly goldawy Hezreti Omardan alypdyr. Ol eden ähli işlerinde diýen ýaly Hezreti Omar bilen maslahatlaşar eken. Hezreti Ebubekir aradan çykandan soň onuň ýerine Hezreti Omar geçýär. Onuň özi halyfa bolmak islemändir. Ýöne Hezreti Ebubekir ölüm ýassygynda ýatyrka beýlekileriň hem razyçylygyny alyp Omary halyfa edip bellemeli diýen karara gelipdir. Ondan soň Hezreti Omaryň dillere dessan boljak halyfalyk döwri başlapdyr. Onuň döwründe Yslam döwletiniň çäkleri giňäp Yslam döwletiniň baýlygy artyp başlapdyr. Hezreti Omar gelen baýlyklary adamlara adalatly paýlamagyň ýollaryny tapypdyr. Ol ýörite hazyna döredipdir we ol hazynadan garyplara, ýetimlere we mätäç kişilere hemaýat edilipdir. Ol adamlaryň birek birege hormat goýmaklaryny, raýat hukuklaryna doly ygtybar etmeklerini, iň esasy hem şerigatyň kanunlaryna boýun bolmaklaryny ündäpdir. Zalymlara garşy ýumrugyny görkezen halyfa zulum edilenlere merhemetli garapdyr. Umuman onuň döwründe ADALAT sözi täzeden jan tapypdyr. Gijelerine halkyň arasynda gezip olaryň dertlerini diňlär eken. Özüni halkyna bagş eden halyfa sada bir ömür sürmegi özüne endik edipdir. “Halkymyň iýýäninden artykmaç iyip bilmen” diýýan Hezreti Omaryň halkdan artykmaç eşigi-de bolmandyr. Özge şäherlerden Medinä gelenler ony görenlerinde onuň halyfadygyny ilki başda aňmaýan ekenler. Bu dünýäde gazanyljak baýlyk, wezipe ony kän gyzyklandyrmandyr. Hezreti Omaryň ýeke täk maksady Allanyň razylygyny gazanmak bolupdyr. Şol maksat bilen ýaşap şol maksat bilen hem 63 yaşynda ýagty jahan bilen hoşlaşmaly bolupdyr. Onuň ölümine Eýrandan gelen otparaz gul Ebu Lulua sebäp bolupdyr. Ol halyfany namaz okap durka zäherli pyçagy bilen pyçaklapdyr. Şeydibem Adalatyn iň beýik wekili bolan Hezreti Omar özüniň hemmelere nusga boljak ömrüni tamamlapdyr. Onuň ölümi diňe musulmanlary däl,eysem, musulmanlaryň golastynda ýaşaýan beyleki dinleriň wekillerini hem gynandyrypdyr.