Hezreti Osman (580-656)
Hezreti Osman 580-nji ýylda Taif şäherinde dogulyar. Onuň maşgalasy gaty baý bolupdyr. Kakasy Affan täjirçilik meşgullanýan eken. Kakasy aradan çykansoň Hezreti Osman kakasyndan galan mirasa eýe çykýar we ol hem söwda işleri bilen meşgullanmaga başlaýar. Hezreti Osman araplaryň içinde iň baý adamlaryň biri bolupdyr. Yslam dini ýaňy ýaýrap ugran wagty dosty Ebubekir ony Pygamberimiziň yanyna alyp gidýär. Pygamberimiz oňa “Ya Osman, Alla seni jennete myhmançylyga çagyrýar. Senem bu çakylyga gulak sal! Men adamlara dogry ýoly görkeziji hökmünde iberildim” diýýar. Hezreti Osman hem bu çakylyga gulak salyp musulman bolýar. Onun musulman bolmagy möhüm wakalaryň biri bolup durýar. Sebäbi Hezreti Osman ýaly baý we hemme kişi tarapyndan sylanýan adamyň Yslama kabul edişi musulmanlary begendirýär, musulmanlara garşy bolanlaryň göwnünden turmaýar.
Ol Pygamberimiziň gyzy Rukiýýe bilen durmuş gurýar. Rukiýýe keselläp aradan çykansoň ol Pygamberimiziň beýleki gyzy Ümmü Gülsüm bilen öýlenýär. Bu sebäpden hem oňa “Zinnureýn” hem diýlipdir. “Zinnureýn” sözi “iki nuryň eýesi” diýmegi aňladypdyr.
Hezreti Osman ilkinji hijret edenleriň biridir. Ol 615-nji ýylda Habeş ýurdyna (häzirki Efiýopiýa) göçüp gidenleriň arasynda eken.
Ol gaty jomart adam bolupdyr. Ol öz baýlygyny Yslam ýolunda harç etmekden gaça durmandyr. Pygamberimiz oňa jennete gitjekdigi baradaky habary buşlapdyr.
Ol häsiýeti boýunça utanjaň, edepli adam bolupdyr. Ybadat etmegi halaýan adam bolupdyr. Bir hepdede Gurhany dolylygyna okap gutarmagy endik edinipdir.
Hezreti Omardan soňra halyfa bolmak onuň başyna düşýar. Ol 12 ýyl halyfalyk edýar. Onuň halyfa bolan döwründe Gurhanyn nusgalary köpeldilip beýleki musulman şäherlere-de paýlanypdyr. Onuň eden bu işi Yslam dinine edilen iň uly hyzmatlaryň biri hökmünde taryha geçipdir. Hezreti Osmanyň halyfa bolan döwründe musulmanlar ilkinji gezek deňiz yörüşleri edýar. Ol yörüşleriň netijesinde Kipr adasy alynýar. Halyfalyk döwrüniň ilkinji 6 ýyly asuda ýagdaýda geçýär. Yslam döwletiniň çäkleri giňeýär. Ýöne içinde ýaşaýan halkyň sany-da artýar. Olaryň içinde-de Yslama garşy bolan adamlar köpelip ugraýar. Olar musulmanlary biri birine duşman etmegiň ugruna çykýarlar. Şeýlelik bilen hem Hezreti Osmana garşy çykan adamlaryn sany köpelip başlaýar. Olar Hezreti Osmana halyfalyk wezipesini taşlamagyny aýdýarlar. Hezreti Osman Pygamberimiziň “ Ya Osman, saňa Alla tarapyndan bir don geýdiriljekdir. Ol dony çykarjak bolsalar hergiz çykarma!” diýen sözüne eýerip halyfalyk wezipesini taşlajak däldigini aýdýar. Ýöne bu aýdylanlar agzalalyk oduny ýakan iki ýüzli adamlara täsir etmeýär. Olar on üç müň adamy ýygnap Medine şäherine gelýärler we ol ýerde halyfa Hezreti Osmany Gurhan okap otyrka şehit edýärler. Şeýlelik bilen Pygamberimiziň iň ýakyn dostlarynyň ýene biri bu dünýä bilen hoşlaşýar. Yöne onuň bu dünýäde galdyran yzyny öçürmek üçin on üç müň dal yüz on üç müň adamyň hem güyji ýetip bilmez.