Hezreti Aly (598-661) Allanyň arslany, Haydar-y kerrar, Ebu Turab yaly lakamlar bilen hem tanalýan Hezreti Aly 598-nji ýylda Mekke şäherinde dünýä inýär. Onuň kakasy Ebu Talyb, Pygamberimiziň kakasy Abdyllanyň doganydyr. Yagny Pygamberimiz bilen Hezreti Aly doganoglan bolupdyr. Hezreti Aly kiçi ýaşdan başlap Pygamberimiziň ýanynda bolupdyr. Ol onuň terbiýesi bilen terbiýelenipdir. Hezreti Aly Pygamberimiziň aýaly Hatyja enemizden soňra musulman bolan ikinji kişidir. Ol uly söweşleriň ählisine gatnaşypdyr. Bedir, Uhud, Hendek, Haýber söweşlerinde gahrymanlarça söweşipdir. Haýber galasy uzyn wagtlap alnyp bilmandir. Musulmanlar galany gaban bolsalar hem ony almak aňsat bolmandyr. Köp wagt ol gabaw dowam edipdir. Şonda bir agşam wagty Pygamberimiz “Ertir men baydagy birine berjek. Ol adamy Alla we Resuly söýýändir. Ol adam hem Allany we Resulyny söýýändir” . Bu sözleri eşiden sahabalar heyjana gelipdir. Herkim ol kişiniň kimdigini bilesi gelipdir. Bir tarapdanam ol baydagyň özlerine berilmegi üçin dileg edipdirler. Säher ir bilen Pygamberimiz “Mana Alyny çagyryň” diyipdir. Şol wagt sahabalar ol söýgüli adamyň Alydygyna düşünip galypdyrlar. Soňra Alynyň baştutanlygyndaky goşun Allanyň hemaýaty bilen Hayber galasyny almagy başarypdyr. Hezreti Aly söweş meýdanlarynda batyrlygy bilen özüni tanadypdyr. Ol garşydaşy kimem bolsa ondan çekinmändir. Onuň aýdan şu sözleri onuň nädip beýle batyrgaý bolandygyna düşünmegimiz üçin ýeterlik bolsa gerek. “Hakykatyň tarapynda bolsaň gorkma, Hak seni gorar.” Ol mydama hakykatyň tarapynda bolmaga ymtylypdyr. Onuň güýji diňe beden güýji bolmandyr. Onuň zehini-de gaty güýçli bolupdyr. Pygamberimiz Hezreti Aly hakda “Men ylym şäheri, Aly bolsa ol şäheriň gapysydyr” diýip belläp geçipdir. Halyfalaryň ählisi onuň maslahatyna gulak salypdyr. Ol parasatly bir kişi bolupdyr. Onuň ýene bir aýratynlygy onuň sadalygydyr. Ol mydama sada ýaşapdyr. Sada ýaşamagy öz çagalaryna-da ündäpdir. Onuň dünýä malynda gözi bolmandyr. Ol diňe ahyryýet üçin bir zatlar etmegiň aladasynda bolupdyr. Rowaýatlarda aýdylşyna görä onuň yekeje geyimi bolupdyr. Ol geýim gyş üçin ýuka, tomus üçin galyň bolupdyr. Onuň bu ýagdaýy halyfa bolandan soň hem üýtgemändir. Ol sada ýaşamaga ol wagt hem dowam edipdir. Onuň halyfalyk döwri gaty kyn geçipdir. Sebäbi Hezreti Osmanyň ölümi bilen ýakylan agzalalyk ody onuň döwründe-de alawlanyp dowam edipdir. Ol yslam döwletinde peýda bolan içki uruşlaryň netijesinde döwleti Medineden däl-de Kufe şäherinden dolandyrmaly bolupdyr. Ýöne yslamyň ikiýüzli duşmanlary oňa ol ýerde hem rahatlyk bermändirler. Ol gan dökülmezligi üçin jan edipdir. Ýöne onuň 4 ýyl 9 aý dowam eden halyfalyk döwründe bolan uruşlarda müňlerçe musulman ölüpdir. Bu ölümlere iň köp gynanan elbetde Hezreti Aly bolupdyr. Yöne döwleti ýykmak üçin ant içenleriň garşysynda durmak oňa gynansagam başartmandyr. Şeýle kyn ýagdayda halyfa bolan Hezreti Alyny öldüren kişi Hezreti Alyny özlerine duşman yglan eden Harijilerden biri bolupdyr. Ol ony zäherli gylyjy bilen şehit edipdir. Şeýlerak ýagdaýda Pygamberimiziň gyzynyň ýan ýoldaşy, söýgüli agtyklary Hasan we Hüseýinin kakasy Aly aradan çykypdyr. Onuň ölüm güni yslam dünýäsi üçin iň bir gynançly günlerip biri hökmünde taryh sahypalaryna giripdir.

Теги других блогов: Hezreti Aly Mekke musulmanlar