Lui Paster (Louis Pasteur)
Lui Paster Fransiýada ýaşap geçen beýik alymdyr. Ol 1822-nji ýylda garyp maşgalada doglupdyr. Onuň kakasy deri satyp maşgalasyny ekleýän garyp adam bolupdyr. Ýöne ol şonda-da ogluny okadypdyr. Lui Paster mekdep ýyllarynda öz deň-duşlaryndan aşa tapawutlanmasa-da yokary okuw jaýynda okaýan döwründe özüniň ukybyny hemmelere görkezmegi başarypdyr. Ol Parižiň iň belli uniwersitetleriniň birinde (École Normale Supérieure) bilim alypdyr. Ol 1847-nji ýylda himiýa we fizika ylymlarynyň doktory diýlen dereja eýe bolupdyr. Lui Paster izomeriýa, optika ýaly temalarda ýazan makalalary, geçiren tejribe işleri bilen tanalmaga başlapdyr.
Ýöne ony dünýäniň iň belli alymlarynyň hataryna goşjak işler bular bolmandyr. Ol fermentasiýa hadysasyny analiz etmäge başlapdyr we muňa mikroorganizmleriň sebäp bolýandygyny subut edipdir. Bu netije ony mikroorganizmler barada has çuň pikir etmäge mejbur edipdir. Ol käbir mikroorganizmleriň adamlara we haýwanlara erbet täsir edýändigini anyklapdyr. Soň ol käbir içgileri ylaýta-da süýt we şoňa meňzeş önümleri şol zyýanly mikroorganizmlerden saplamak üçin täze bir usul oýlap tapypdyr. (Bu usul pasterizasiýa diýlip atlandyrylýandyr). Ol şeýlelik bilen iýmitler/içgiler sebäpli geçip biljek infeksiýanyň öňüni almagy başarypdyr.
Mundan başga-da ol, goýun, sygyr ýaly haywanlarda duş gelýän antraks keseline garşy bir sanjym oýlap tapypdyr. Bu sanjymdan ylham alnyp başga-da birtopar kesele garşy bejergi usullary tapylypdyr.
Lui Pasteriň oýlap tapyşlarynyň iň bellisi guduzlamanyň sanjymydyr. Şol wagta çenli guduzlama keseline garşy hiç bir derman bolmandyr. Bir topar adam bu kesel zerarly ölýän eken. Ol ilkinji gezek bu sanjymy guduz it tarapyndan 7-8 ýerinden dişlenen we ölerine garaşyp oturylan kiçi bir çaganyň üstünde barlap görüpdir we sanjym peýda edip çaga ölmändir. Şeýdibem Lui Paster bu kesele garşy dermany bu dünýäniň raýatlaryna hödür edipdir.
Ol ýene-de birnäçe kesele garşy ulanyp boljak dermanlary, sanjymlary, bejeriş usullary oýlap tapypdyr. Gysgaça aýtsak ol öz ömrüni bilime bagş edipdir. 5 çaganyň kakasy bolan Lui Paster 1895-nji ýylda Pariže golaý bir ýerde aradan çykypdyr.
Onuň ady taryhyň sahypalaryna uly harplar bilen ýazylandyr. Adamoglynyň kämilleşmeginde uly rol oýnan adamlaryň biri bolan Lui Pasteriň ady şuwagt bolşy ýaly geljekde-de ýaşamaga dowam eder.