Iň soňky gezek haçan we nirä syýahata gitdiňiz? Kommentleriňize garaşýarys.
Gezmek, syýahat etmek. Bu sözleri eşiden ähli adamyn kellesine ýakymly düşünjeler gelýän bolsa gerek. Syýahat etmek köp adamyň arzuwy. “Syýahat etmek islärdiňmi?” diýlen soraga biziň köpümiz “hawa” diýip jogap berýäris.
Elbetde, bu hakda aytsaň aýdyp oturmaly. Durmuşdan lezzet almagyň ýollaryndan biri syýahat etmekdir. Syýahat etmek, täze-täze ýerleri görmek, özge medeniýetler bilen tanyş bolmak, dürli-dürli milletleriň özboluşly durmuşlaryna syn etmek, ilkinji nobatda adamyň dünýä bolan garaýşyny üýtgedýär,özgerdýär. Syýahat edýän adam özge ýerlerdäki ýaşaýyş şertlerini görüp öz ýaşaýşy barada pikir yöretmäge ukyply bolyar. Gündelik durmuşdan birazajygam bolsa daşlaşýar, şeylelik bilen tebigata, adamlara, bolup geçýän hadysalara başga bir penjireden seretmek üçin mümkinçilik peýda bolýar. Syýahat etmek adamlara ruhy taýdan dynç almaga şert döredýär.
Şulardan ugur alyp Degirmen sahypasy hökmünde iň köp syýahat edýän milletler barada statistiki maglumat hödürlemegi makul bildik.
Telegraph gazetiniň maglumatyna göra iň köp syýahat edýänler:
1.Finlandiýa
Finlandiýanyň raýatlary ýylda ortaça 7.5 gezek syýahat edýär. Muňa daşary ýurtlara hem-de ýurdyň öz içinde edilýän syýahatlar degişlidir.
2.ABŞ
ABŞ-nyň raýatlary ortaça 6.7 gezek syýahat edýändir. Olaryň köpüsi ýurdyň çäklerinde syýahat etmegi halaýar. ABŞly syýahatçylaryň diňe 5-den 1-i daşary ýurtlara syýahat edýär.
3.Şwesiýa
Skandinawiýalylar iň köp syýahat edýän milletlerdir. Şwedlerem ýylda 5.9 gezek syýahat edýär. Ol syýahatlaryň 1.5-i daşary ýurtlarda geçirilýär.
4.Daniýa
4-nji orunda ýene bir Skandinawiýa ýurdyny görýaris. Daniýanyň raýatlary ýylda 5.3 gezek syýahat edýär.
5.Norwegiýa
Norwegiýalylar ýylda ortaça 5.2 gezek syýahata çykýar. Bu sanlaryň ýokary bolmagy Norwegiýanyň ykdysady ýagdaýynyň gowy bolmagy bilen gönüden göni baglanşyklydyr.
6.Gong Kong
Gong Konglylar ýylda 4.3 gezek syýahata çykýar. Içerki syýahat yok diýiljek derejede azdyr (0.03)
7.Täze Zelandiýa
Günorta yarymşaryň ýaşaýjylary ýylda 4.3 gezek syýahat edýär. Syýahatlaryň köpüsi Täze Zelandiýanyň içinde bolup geçýär.
8.Kanada
Kanadalylar ýylda ortaça 1 gezek daşary ýurda 3.4 gezegem yurdyň öz içinde syýahat edýär.
9.Awstraliýa
9-njy orunda Awstraliýalylar bar. Koala we kenguru diýarynyň raýatlary ýylda 3.8 gezek syýahata çykýar.
10.Fransiýa
Iň köp syýahat edýän ilkinji 10lyk fransuzlar bilen tamamlanýar. Fransuzlar ýylda 3.5 gezek syýahat edýär. Olaryň aglabasy içerki syýahatlardyr.