Korrupsiýa indeksine göra iň arassa ýurtlar
Korrupsiýa – bu dürli ýollar bilen jemgyýeti heläk edýän elhenç gyrgyn. Ol demokratiýanyň esaslaryny we hukugyň hökümdarlygyny gowşadýar, adam hukugynyň bozulmasyna getirýär, bazarlaryň işine päsgel berýar, durmuş hal-ýagdaýyny pese gaçyrýar we adamyň howpsyzlygyna howp salýan guramaçylykly jenaýatyň, terrorizmiň we beýleki ýüze çykmalaryň ösmegi üçin şertler döredýär.
Bu zyýanly ýagdaý ähli ýurtlarda gabat gelýär, uly we kiçi, baý we garyp, emma ol iň ýaramaz täsirini ösýän ýurtlara ýetirýar. Korrupsiýa esasan garyplara proporsional bolmadyk uly zyýan ýetirýär sebäbi ol ol ösmeklik üçin niýetlenen pul serişdelerini başga ýere gönükdirýär, hökümete esasy hyzmatlary etmekde päsgelçilikler döredýär, deňhukuksyzlyk we adalatsyzlyk üçin esas döredýär we daşary ýurt maýagoýumlaryň we kömegiň gelmegine böwet bolýar. Korrupsiýa pes ykdysady görkezijileriň esasy sebäbi bolýar, şeýle-de garyplygyň gerimini azaltmak we ösüşi üpjün etmek ýolunda iň esasy päsgelçilikleriň biridir.
Koffi Annan
BMG-nyň baş sekretary (öňki)
Sahypamyz bu gezek korrupsiýa boýunça iň arassa ýurtlaryň sanawyny hödürlemegi makul bildi. Maglumatlar “Transparency International” guramasynyň saýtyndan alyndy.
1.Daniýa
2.Finlandiýa
3.Şwesiýa
4.Täze Zelandiýa
5.Gollandiýa (Netherlands)
6.Norwegiýa
7.Şweýsariýa
8.Singapur
9.Kanada
10.Germaniýa
Jemi 167 yurdy öz içine alýan sanawda yurdymyz Türkmenistan 154-nji orunda. Geljekki ýyllarda sanawyň has gowy orunlarynda bolmagy arzuw edýäris.