Tomas Maltus Tomas Robert Maltus 1766-njy ýylda Angliýanyň Surreý şäherinde, gurply maşgalada dünýä inipdir. Ol başlangyç bilimi öz öýünde alypdyr. 1784-nji ýylda Cambridge uniwersitetindäki Jesus kollejinde latyn we grek dillerini öwrenipdir we matematika ugry boýunça bilim almaga başlapdyr. 1791-nji ýylda şol ýerden “magistr” derejesini alypdyr we 1793-nji ýyldan başlap şol uniwersitetde işlemäge başlapdyr. Angliýanyň ykdysadyýet boýunça ilkinji professory bolmak Tomas Maltusa miýesser edipdir. Ol 1804-nji ýylda 38-ýaşynda öýlenipdir we 3 sany çagasy bolupdyr. Tomas Maltus 1798-nji ýylda çykaran “An essay on on the Principle of the Population” atly makalasyndan soň tanalmaga başlapdyr. Ol bu makalada ilatyň sanyndaky artyşyň ykdysadyýete ýetirjek täsiri hakda ýazypdyr. Ol soňraky ýyllarda bu makalany has hem giňeldip kitap edip çykarypdyr we ol kitap şol döwürede iň köp okalýan kitaplaryň sanawyna girmegi başarypdyr. Gysgaça düşündirsek, Maltusyň teoremasyna göra ilatyň sany geometriki progressiýa bilen artýar (2,4,8,16....) ýöne iymitiň sany (azyk önümleriniň sany) arifmetiki progressiýa bilen artýar (1,2,3,4,5...). Bularyň netijesinde-de açlyk we garyplygyň peýda boljakdygyny aýdypdyr. Munyň çözgüdi hökmünde ilat sanynyň köpelmeginiň öňüni almagy nygtapdyr. Uruş, ýokanç keseller we beýleki betbagtçylyklar adamlaryň ýagny ilatyň sanyna azaldyjy täsir edýän hem bolsa bularyň diňe wagtlaýyn çözgüt boljakdygyny belläp geçipdir. Ol munyň öňüni alyp biljek iň makul çözgüdiň “ahlaky çäklendirmeler” boljakdygyny aýdypdyr. Ahlaky çäklendirmeler diýdigi, giç öýlenmek, öýlenmezden ozal namysyň goralmagy, maşgala gurlandan soňam jynsy gatnaşygyň azaldylmagy ýaly pikirleri özünde jemläpdir. Ýöne Maltusyň özi-de bu aýdylanlary adamlaryň köpüsiniň kabul etmejekdigini bilipdir we adamoglynyň yazgydynda garyplygyň, açlygyň bardygyny aýdypdyr. Teoremanyň dogrydygy ýada ýalnyşdygy barada dawalar köp bolupdyr. Tomas Maltus tarapyndan orta atylan bu pikir birtopar alyma täsir etmegi başarypdyr. Meselem Charles Darwin Tomas Maltusyň kitabyny okandygyny we ewolusiýa barada şol kitapdan hem ylham alandygyny belläp geçipdir. Mundan başga-da iňlis reformist Francis Place, Maltusyň kitabyny okandan soň şol kitapdan ylham alyp, 1822-nji ýylda göwreliligiň öňüni almak barada ilkinji kitaby ýazypdyr. 1832-nji ýylda Dr.Charles Knowlton hem bu barada kitap ýazypdyr we şeýlelik bilen “Maltusyň pikirdeşleri” diýip atlandyryljak adamlaryň sany artmaga başlapdyr. Tomas Maltus bu kitapdan başga-da birnäçe kitaplar, makalalar ýazypdyr. Olaryň bellilerinden biri-de “Ykdysady politikalaryň esaslary” atly kitabydyr. Tomas Maltusyň ýazan eserleri 19-njy asryň iň tanymal alymlary bolan Karl Marks, David Ricardo ýaly adamlarda uly täsir galdyrypdyr. Jemlesek, Tomas Maltus pessimist garaýyşlary bilen at galdyran hem bolsa öz döwründe pikirlerine hormat goýulýan adam bolupdyr.

Теги других блогов: Tomas Maltus Angliýa ykdysadyýet