Salam eziz ildeşler! Bu gün sizi Muhammed Ýunus bilen tanyşdyrmagy makul bildik. Geliň tanyş bolalyň onda! Muhammed Yunus Bangladeşli ekonomist (professor). Ol 1940-njy ýylda Bangladeşiň Çittagong şäherinde doglan. Ol yokary bilimi ilki Bangladeşdäki Dakka uniwersitetinde alýar, soňra bolsa ABŞ-da Kolorado we Wanderbilt uniwersitetlerinde doktorlyk derejesine eýe bolýar. Ol 1971-nji ýylda öz watanyna dolanyp Çittagong uniwersitetinde işlap başlaýar. Muhammed Yunusy dünýä tanatjak hadysa 1976-njy ýylda bolup geçýär. Ol Çittagong şäheriniň golaýyndaky obalaryň birinde gezip ýörkä bir aýala duşýar. Ol aýal bambuk agajyndan oturgyç ýasap satýan eken. Ol zenan Muhammed Yunusa “özüniň hiç hili maýasynyň (kapital) ýokdugyny, oturgyç ýasamak üçin gerek bolan zatlary gymmat bahadan satyn alýandygyny aýdýar”. Şol wagt Muhammed Yunusyň kellesine millionlarça adamyň durmuşuny üýtgedip biljek pikir gelýar. Ol hem “Mikrokredit” diýip atlandyrylýar. Mikrokredit näme zat? Geliň bu hakda bir iki kelam edeliň. Mikrokredit adyndanam düşnükli bolşy ýaly kiçi möçberdäki kreditleri aňladýar. Bu kreditler az girdejili ýöne öz işlerini (biznes) etmek isleýän adamlar üçin niýetlenen kreditlerdir. Bilşimiz ýaly banklar kredit berjek wagty belli bir girdejiniň bolmagyny talap edýär. Eger yzygiderli girdeji bolmasa onda kredit almak kynlaşýar we şeýlelik bilen “garyp” “garyp” bolany üçin bu hyzmatlardan peýdalanyp bilmeýar. Muhammed Ýunus “garyplaryň köpüsi finans hyzmatlaryndan peýdalanyp bilmeýändikleri üçin garyplykdan halas bolup bilmeýär” diýen düşünje bilen mikrokredit pikrini orta atýar. Muhammed Ýunusyň orta atan bu pikrini şeýle düşündirsek bolar: Bu sistemada adama balyk berilmeýär, balyk tutmagam öwredilmeýär, diňe balyk tutmak üçin gerek bolan tor, çeňňek, gaýyk ýaly zatlar berilýär. Ýöne elbetde berlen kreditler yzyna alynmaly bolýar. Sebäbi beýle edilmese onda sistema işläp bilmeýär. Kreditleriň gaytarylmagy ýagny alnan pullaryň yzyna bermegiň şertleri adaty banklardan has amatly. Krediti alan kişi öz etjek işinden geljek girdeji bilen bergisini töleýär. Gaty kiçi möçberlere bölünen aýlyk tölegleri tölemek krediti alan adamlar üçin o diýen kyn bolmaýar. Şeýlelik bilen ýaňy ýokarda agzalan aýalyň ýagdaýyndaky ýaly adamlar üçin mümkinçilik peýda bolýar we kiçi möçberdäki kreditler köp adama garyplyk çukuryndan çykmaga kömek edýär. Muhammed Ýunus bu pikri orta atandan soň muny has guramaçylykly ýagdaýa getirýär we 1983-nji ýylda Grameen Bankyny gurýar. Grameen Bank diýmek “Oba banky” diýmegi aňladýar. Grameen bank ilki başda diňe Bangladeşdäki garyp zenanlary maksat edinýär. Ýöne soň çäkleri giňeldip dünýäň beýleki ýerlerindäki adamlara mikrokredit hyzmatlaryny hödürläp başlaýar. Şu wagt dünýäde jemi 55 million adama hyzmat hödürleýän 2200 sany Mikrokredit (mikrofinans) guramasy bardyr. Muhammed Ýunus, dünýäde ykdysady we sosial galkynyşa sebäp bolanlygy üçin 2006-njy yylda Nobel baýragyna (Parahatçylyk) mynasyp görüldi. Garyplyk bilen göreşmäge niýet eden adamyň dünýäde nämeleri üýtgedip biljekdigini görkezen Muhammed Ýunus nusga alynmaly adamlaryň biridir. Ýaşaýan ýeriniň şertlerine doly düşünen, ol ýerdäki meselelerden gaçmagy däl-de olar bilen göreşmegi saýlan Muhammed Ýunus ýaly adamlaryň sanynyň köpelmegini arzuw edip yazgymyzy tamamlaýarys. Goý, dünýäde adamlar açlykdan ölmesin! Dünýäň bir tarapynda adamlar aglaýan bolsa beýleki tarapyndakylar hiç zat bolmadyk ýaly gülüp oýnap gezmesin!

Теги других блогов: Muhammed Yunus Mikrokredit Bangladeş